Sazçylyk sapaklarynyň peýdasy

6 Fewral 2024
308

Çagalar baglarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna aýdym-saz sapaklarynyň girizilmegi tötänden däl. Saz pikirleniş ukybyňy ösdürmegiň iň oňat ýollarynyň biridir.

Bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň birinde saz çalmagyň beýnä ýetirýän täsirini anyklamak maksady bilen, birinji synpa okuwa başlan çagalaryň 40-sy saýlanyp alnypdyr. Olaryň ýarysy sazçylyk sapaklaryna ýazylyp, hepdäniň dowamynda 2-3 sagat dürli saz gurallarynda saz çalmaga beýleki bölegi bolsa şonçarak wagty beden maşklaryny ýerine ýetirmäge sarp edipdir. Barlaglaryň netijesine görä, dil dersleri boýunça geçirilen synagda okuwçylaryň ählisi gowy netije görkezipdir. Emma saz çalmagy öwrenýän okuwçylar iň ýokary görkezijä eýe bolupdyr. Üç ýyldan soň şol okuwçylaryň beýnisiniň işjeňligini barlamak üçin geçirilen barlaglar hem sazçylyk bilen meşgullanýan çagalaryň beýnisiniň sesleri aýyl-saýyl etmäge jogap berýän böleginiň has ösendigini mälim edipdir.

Naina KULIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň ýörite fortepiano bölüminiň ýokary derejeli mugallymy.