Ene diýmek dünýädir

6 Fewral 2024
589

Ene, zenan, gelin-gyzlar baradaky söhbetleriň çygry giň. Bu mähribanlar hakynda näçe buýsançly sözleri aýtsaň-da az ýaly duýulýar. Olar barlygyň manysy, durmuşyň ýaraşygy, ömürlerimiziň çyragydyr. Köňüllere hemdem bolup ýaşaýan şeýle zenanlaryň biri hem Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy Abadangözel Baýramowadyr. Etrabyň Babarap obasyndaky Medeniýet öýünde medeni çäreleriň guramaçysy bolup işleýän bu zenanyň medeni-köpçülikleýin işlere işjeň gatnaşyşy, dürli çärelerde guralýan kompozisiýalarda, sahna eserlerinde mähriban eneleriň keşbini ussatlyk bilen döredişi maňzyňa batýar. Ol teleýaýlym arkaly aýdymçylarymyz tarapyndan döredilýän dürli mazmunly şekilli aýdymlarda hem mährem eneleriň keşbini döredip, sungata muşdak köňülleriň töründe mynasyp orun alyp ýaşaýar. Biz golaýda bu mähiriban zenan bilen duşuşyp, onuň bilen ýürekdeş söhbet etdik. Gazetimiziň bu sanynda şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

— Abadangözel, ilki bilen, zähmet ýoluna başlaýşyňyz we maşgalaňyz hakynda gürrüň beräýseňiz.

Söhbetdeş bolan Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.