Sahnada «Daş gyz»

1 Fewral 2024
412

Ýakynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ybraýym Durdyýewiň Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Maral Durdyýewanyň halypalyk etmeginde sahnalaşdyran «Daş gyz» atly täze spektakly ilkinji gezek görkezildi. Spektaklyň edebi esasyny belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň adybir poemasy esasynda şol institutyň talyby Kerim Atçapanow ýazypdyr. Sahna eserinde heýkeltaraşlyk sungatynyň jadyly güýji çeper beýan edilýär. Söýginiň gudraty barada söz açýan spektaklda Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow perişdäniň, talyplar Ybraýym Durdyýew heýkel ussasynyň, Çynar Garagulowa perizadyň, Guwanç Bäşimow gojanyň, Rahym Garagulow gojanyň ýaşlygynyň keşbini ýerine ýetirýärler. Spektaklyň tolgundyryjy wakalary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Ýörite habarçymyz.