Türkmen sirkiniň galkynyşly ýoly

1 Fewral 2024
362

Golaýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda» we «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanmagy özgerişli ýollaryň dowamlylygyny aňladýan buýsançly habar bolup kalplara doldy.

Sirk sungatynyň türkmen topragynda ýaşap ýörenine bir asyrdan gowrak wagt geçdi. Geçen asyryň başynda paýtagtymyzda neşir edilen «Ashabad» gazetiniň sahypalarynda sirk tomaşalary baradaky bildirişler peýda bolup ugraýar. Şol ýyllarda Ashabadyň Merw şaýoly (häzirki Magtymguly şaýoly) bilen Stawropol köçesiniň (häzirki B.Kerbabaýew köçesi) çatrygyndaky «Dobržanskaýanyň sirk-teatry» diýlip atlandyrylýan binada sirk tomaşalary görkezilipdir. Ýöne sirk tomaşasy diýilse-de, ol ýerde, köplenç, belli aýdymçylaryň konsertleri, sahna oýunlary tomaşaçylara hödürlenipdir. Hatda ol ýerde göreş ýaryşlary hem guralypdyr. Şol ýyllardan galan mahabat ýazgylary «Dobržanskaýanyň sirk-teatrynda» darbazlaryň, girdenekleriň, gimnastlaryň, žonglýorlaryň, hokgabazlaryň, dürli haýwanlaryň çykyşlarynyň hem görkezilendigini subut edýär.

Taýýarlan Dünýägözel HOJAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.