Milli medeniýetiň sarpasy

6 Fewral 2024
428

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar—Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň, durmuşa geçirilýän işleriň her biri milletimiziň ruhy baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary uludan toýlanýan baýramçylyklary, şanly seneleri, dabaraly açylyşlary şowhunly aýdym-sazlary, gyzykly sahna oýunlary bilen bezäp, halkymyza ruhy baýlyk, uly joşgun paýlaýarlar.

Gözelligi, ruhy keşbi bilen özboluşly dünýä öwrülen medeniýet we sungat halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz we sungatymyz gülläp ösüşlere beslenýär, türkmen aýdym-sazlary dünýä ýüzünde belentden ýaňlanýar. Sungata sarpaly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz Watanymyz medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Gülälek HOJATOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby.