Sahnada täze eser

6 Fewral 2024
374

Ýakynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Daş gyz» poemasy esasynda Kerim Atçapanowyň ýazan pýesasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Oňa ýaş, zehinli talyp Ybraýym Durdyýew režissýorlyk etdi.

Sahnada beýan edilýän wakada jemaly hüýr-perileriň görkünden zyýada gyza aşyk bolan perişdäniň gahar-gazaby, şol gözeliň we ýaş heýkeltaraşyň kysmaty barada söz açylýar. Onda söýginiň, sungatyň gara daşa jan beriji jadylaýjy güýji hyýaly duýgularyň üsti bilen şahyrana wasp edilýär. Sahnadaky dartgynly pursatlar tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
«Watan».