Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy

5 Fewral 2024
362

Düýn — 5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri we sungaty söýüjiler gatnaşdy. Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäheriniň opera we tans drama teatrynyň döredijilik toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan dostlukly halklar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeni ulgamda-da, ýagny medeniýeti we sungaty ösdürmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Halkara gatnaşyklarynda hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň, eziz Diýarymyzda bolsa beýleki ýurtlaryň Medeniýet günleri geçirilýär.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.