Saz çal­ma­gyň sag­ly­ga tä­si­ri

4 Fewral 2024
238

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024

Türk­men top­ra­gy ze­hin­li­le­re baý­dyr, her bir maş­ga­la­nyň di­ýen ýa­ly öz ar­tist­le­ri­niň — aý­dym­çy­la­ry­nyň, sa­zan­da­la­ry­nyň ýa-da tans­çy­la­ry­nyň bar­dy­gy geň däl­dir. Ola­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­mak ýaş ze­hin­le­riň ýa­kyn­la­ry­nyň, ola­ryň ter­bi­ýe­çi­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ry­nyň hem-de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň we­zi­pe­si­dir, se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi dö­re­di­ji adam­la­ryň yh­la­sy­na, döw­let ta­ra­pyn­dan ze­hin­li ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne esas­lan­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de saz çal­ma­gyň we diň­le­me­giň yn­san sag­ly­gy­na hem oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi luk­man­la­ryň yl­my bar­lag­la­ry esa­syn­da su­but edi­len dur­muş ha­ky­ka­ty­dyr. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­na na­zar aý­la­saň, gy­za­myk çy­kan ça­ga saz diň­le­di­len­di­gi, ene­le­riň hüw­dü­si­niň bol­sa ýa­kym­ly owaz bo­lup, her bir yn­sa­nyň gu­la­gyn­da ýaň­la­nyp dur­ýan­dy­gy aý­dym-sa­zyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän­dir.

Han­dur­dy Öwe­zow,
Aş­ga­bat şä­her Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň 7-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň saz na­zar­yýe­ti mu­gal­ly­my.