"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge uly ünsüň berilmegi geljekde ähli ugurlarda beýik ösüşleri, belent üstünlikleri gazanmak baradaky aladany özünde jemleýär. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi hem şundan ugur alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. Dil öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrmak bilen, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepler açylyp, olara innowasion dil öwreniş usullary ornaşdyrylýar. 

Ajaýyp zamanyň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuter, multimediýa-interaktiw, lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň hyzmatyndan peýdalanyp, ylym-bilim alýarlar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary milli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, häzirki döwre buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak täze eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

Baky bagtyň şuglasy

Halkymyzy abadan, bolelin durmuşa ýetiren, berkarar Watanymyzy rysgal-bereketli mekana öwren döwlet syýasatymyzda bilim hem-de ylym ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Munuň özi ýurduň köptaraply ösüşinde ylymdyr bilimiň berk binýat bolup durýandygy bilen baglydyr. Sebäbi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zerur bolan bilimli hünärmenleri taýýarlamak depginli ösüşiň girewidir. Şundan ugur alnyp, ylymly-bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji wezipeleriň hatarynda goýuldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamasyna bagtyýar nesilleriň dünýägaraýyşlaryny giňeltjek, ylmyň dürli ugurlary babatda ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrjak, olaryň geljekde ýurdumyzyň köptaraply ösüşinde möhüm bolan hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine netijeli itergi berjek okuw dersleriniň girizilmegi hem nygtalmaga mynasypdyr.  Berkarar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly, hünärli hem-de watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, mertebeleri belent bolsun!

Ýaş zehinler kemala gelýär

Ata Watanymyz Türkmenistan — bagtly çagalygyň ýurdy. Berkarar ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň diňe bir döwrebap bilim almagy däl, eýsem, olaryň zehinleriniň ýüze çykmagy üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp kemala gelýän çagalaryň edebiýat, sungat, sport, häzirki zaman tehnologiýalary boýunça çuňlaşdyrylan bilimlere we endiklere eýe bolmaklary üçin çagalar we ýetginjekler öýleri, mekdeplerde dürli gurnaklar, çagalar sungat we sport mekdepleri hereket edýär. Ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, olarda sungatyň inçe syrlaryny öwrenýän çagalaryň sanynyň artýandygy örän guwandyrýar. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem aýdym-saz sungatynyň täsin dünýäsine içgin aralaşýan ýaş zehinler saz gurallarynyň dürli görnüşlerinden baş çykarmagy, halk, nusgawy aýdymlary aýtmagy, tanslary ýerine ýetirmegi öwrenýärler. Şu günler mekdebimiziň ýaş zehinleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny ruhubelentlikde garşylaýarlar. Baýramçylyk mynasybetli ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, joşgunly çykyşlary olaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, bagtyýar durmuşymyza, Täze ýyl baýramyna bolan ýürek buýsançlarynyň özboluşly beýanyna öwrülýär.   

Mugallym — miweli daragt

Mugallym — miweli daragt ýaly belentlik. Onuň gadyr-gymmaty berýän miwesi bilen ölçenilýär. Ine, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow hem bilim dünýäsinde miwesini boldan eçilýän daragtlaryň biri. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan uçurym bolan ýaş hünärmen eýýäm tutuş welaýatymyzda işi iň netijeli mugallymlaryň biri hökmünde tanalýar. Şol netije bolsa onuň şägirtleriniň döwlet we halkara derejeli dersdir taslama bäsleşiklerinde gazanýan ýokary netijeleri bilen baglydyr.

Bilim — bagtyýarlygyň binýady

2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalary, düýpli öňegidişlikleri bilen galkynyşly döwrümiziň taryhynda we ildeşlerimiziň kalbynda öçmejek yz goýup, tamamlanyp barýar. Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ylymly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi hem-de sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy ugrunda düýpli özgertmeleriň başyny tutdy. Şuňa laýyklykda gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda halkara derejesindäki giň gerimli çärelere badalga berildi, toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ylym-bilimden ýüki ýetik, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaga, döredijilikli işlemäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çäklerindäki ýokary we orta okuw mekdepleriniň sany yzygiderli artdyrylýar. Olary häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini döretmek dowam etdirilýär.

Belent maksatlar, aýdyň menziller

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ähli halkymyzyň, aýratyn hem, biz — ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara diýseň baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeleriň ençemesi gazanyldy. Şol gazanylan üstünliklerde ýaşlaryň hem mynasyp orun eýeleýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň milli ruhda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim-terbiýeçilik edaralary häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Ýaş nesiller bolsa okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilen şeýle köpugurly şertlerden peýdalanyp, saýlap alan hünäri boýunça yzygiderli kämilleşýärler. Bu gün biziň ählimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän ençeme halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, ylmy maslahatlarda türkmen ýaşlarynyň gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň şaýady bol

Zamanaň daýanjy — bilimli ýaşlar

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara işlemäge, okamaga, döretmäge aýratyn itergi boldy. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň hem aňrysynda uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde, adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagy, öwrenmegi üçin hemme şertleri döredýär. Bilim berýän orta mekdepleriň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň binýady berkden tutulýar.

Kämil bilim — röwşen geljegiň kepili

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Şunda sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, olaryň öz hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açylýar. Milli bilim ulgamynda giň gerimde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ösüp gelýän ýaş nesle halkara ülňülere laýyk derejede çuňňur we ýokary hilli bilim berilýär, edep-terbiýeli we zehinli nesiller ýetişdirilýär.

Bilim — ösüşleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyk derejede ösýär we belent sepgitlere ýetýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän işler bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ak mekdeplere ilkinji gadam basan ýaş nesillere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilýän «Bilimli» atly şahsy kompýuterleriň gowşurylmagy ösüp gelýän nesilleriň döwrebap bilim almagyna, innowasiýalardan we sanly ulgamdan oňat baş çykarmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň üçin bagtyýar nesilleriň kalbyndaky alkyşy, bilime bolan höwesi has-da uludyr. Gahryman Arkadagymyz: «Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly, ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir» diýip, örän jaýdar belleýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn bedenli, belent ruhly, döwrebap bilimli, ylymly hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirm

Bilimli nesliň bäsleşigi

Golaýda «Kämil bilim» okuw merkeziniň guramagynda himiýa, biologiýa, matematika hem-de fizika dersleri boýunça 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Kämil bilim — dostluk olimpiadasy» atly bilim bäsleşigi geçirildi. Çekeleşikli geçen bu bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Harby mekdebiň 10-njy synp harby okuwçylary Kerim Goçnazarow biologiýa dersi boýunça 1-nji, Kadyr Kakajanow 3-nji, şeýle-de Hakmerdan Garlyýew himiýa dersi boýunça 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere «Kämil bilim» okuw merkeziniň adyndan Hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Talyplaryň bäsleşigi

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Iň gowy taýýarlykly sanitar topary» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin sanitar toparlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek we olaryň taýýarlyk ýagdaýyny kesgitlemek, fiziki taýýarlyklaryny barlamak hem-de ösdürmek, türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmekden ybarat boldy. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 1-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2-nji, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere göçme kubok bilen Hormat hatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Harby bilimiň binýady

Binanyň berkliginiň binýadyna bagly bolşy ýaly, döwletiň we jemgyýetiň ösüşi hem ýaşlara berilýän ylmyň-bilimiň derejesine bagly bolup durýar. Binýady näçe berk bolsa, gurýan ymaratyň hem şonça pugta bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy ýurduň geljekki ösüşleriniň kepilidir diýip arkaýyn aýdyp bileris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy has-da kämilleşdirilip, türkmen ýaşlary ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gidip, geljege sary öňe barýarlar. Geljekki Watan goragçylaryny taýýarlaýan TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem harby çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitlere dünýä ülňülerine laýyklykda başlangyç okuw sapaklary geçirilip, kämil derejede bilim berilýär. Harby mekdebiň esasy ugry serkerdelik we başlangyç harby tilsimleri çuňlaşdyryp öwretmek bilen, harby ýokary okuw mekdeplerine mynasyp dalaşgärleri ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ýerde tejribeli serkerdelerdir mugallymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, harby okuwçylaryň il-güne wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde görelde bolup, ýaş nesillere harby durmuşyň inçe syrlaryny öwredýärler. Harby gullugyň düzgün-nyzamyndan, kada-kanunlaryndan başga-da, geljekki Watan goragçylaryna milli däp-dessurlarymyzyň, ahlak gymmatlyklarymyzyň ähmiýeti giňişleý

Dil bilen dünýäni gezer

 Her bir ynsanyň özüne mahsus sözleýiş äheňi bar. Galyberse-de, milli aýratynlyga ýugrulan dünýä dilleriniň birnäçesine düşünmegiň, dogry sözleşmegiň özi-de, daş-töweregindäkileriň sowatly adama bolan hormatyny artdyrýar. Dil öwrenmek — bu geljegiňe bolan ynamdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, öwrenmek isleýän adam diňe yhlasly hem-de tutanýerli bolmaly. Syýahata gitmek isleýän adam, şol halkyň milli aýratynlyklaryna, ýerli sözleýiş dili babatdaky maglumatlara eýe bolmalydyr. Bulardan habarly syýahatçy özüniň syýahat edýän ýurdunda kynçylyklara duşmaz.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesillere bilim bermek, olaryň sowatly, zehinli bolmagyny gazanmak her bir mugallymyň paýyna düşýär. Esasan-da, çaganyň ilkinji başlangyç bilimini oňat bermek, olaryň aň-düşünjesiniň ýokarlanmagyny gazanmak başlangyç synp mugallymlarynyň esasy öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Munuň üçin mugallymlar bar yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şeýle işjanly mugallymlaryň biri-de Mahym Muhammetdurdyýewadyr. Mahym mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 6 ýyl bäri başlangyç synp hem-de iňlis dili mugallymy bolup zähmet çekip gelýär. Mugallym häzirki wagtda Mary etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işlemek bilen, 4-nji “Ä” synpyň okuwçylaryna bilim berýär. Ol okuwçylarynyň geljekde ata Watanymyza wepaly, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolmagy üçin bar yhlasyny siňdirýär. Munuň üçin ene-atalar kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Mahym mugallyma çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.

Aýdyň maksatlar — beýik ösüşlere badalga

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler hem her birimizde buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala

Belent ynamdan ruhlanyp

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bu ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmeginiň ajaýyp miwesidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly biziň üçin hem üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim-terbiýe berýän, bäsleşiklere taýýarlaýan zehinli matematik talyplarymyz ýylyň dowamynda birnäçe iri halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar. Hususan-da, matematika dersi boýunça Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde geçirilen olimpiadada uniwersitetimiziň talyplary 1 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň arasynda geçirilen Açyk halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, şahsy bäsleşikde 3 altyn, 12 kümüş, 13 bürünç medal, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 altyn, 4 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar. Zehinli ýaşlarymyz Russiýa Federasiýasynyň Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralyp, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda differensial deňlemeler boýunça geçirilen matematika olimpiadasynda 2 bürünç, Bolgariýa 30-njy halkara olimpiadasynda

Şanly ýylyň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda taryhy ösüşler gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilimleri, hünärleri ele almagy, milli ruhda terbiýelenmegi üçin döwrebap işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini şanly ýylymyzda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem görmek bolýar. Uniwersitetiň talyp ýaşlary bu ýyl döwlet hem-de halkara derejeli ýaryşlara, olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşiginde 2 sany birinji, 6 sany ikinji we 8 sany üçünji orny eýelediler.

Ösüşiň täze hil derejesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, innowasion ugurlara — sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasion özgertmelere laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýeti örän uludyr. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekden, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle hem, sanl

Röwşen geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, sport, aýdym-saz, çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda täze, döwrebap çagalar baglary we orta mekdepler gurlup, olar ýokary derejede enjamlaşdyrylýar. Dünýä nusgalyk bolan şeýle çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň binalary obalarymyzyň, şäherlerdir şäherçelerimiziň görküne görk goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiz üçin döredijilikli bilim gurşawy döredildi. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw maksatnamalary, meýilnamalary düzülip, okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanyldy. Multimedia tehnologiýalarynyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda çagalar bagyndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde terbiýeçilerdir mugallymlar işjeň okuw usullaryny işläp düzýärler. Munuň özi çagalaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmakda we ösdürmekde, olaryň şahsyýetini kemala getirmekde oňyn netijeleri berýär.