Şanly ýylyň ýalkymy

20 Dekabr 2023
588

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda taryhy ösüşler gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilimleri, hünärleri ele almagy, milli ruhda terbiýelenmegi üçin döwrebap işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini şanly ýylymyzda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem görmek bolýar.

Uniwersitetiň talyp ýaşlary bu ýyl döwlet hem-de halkara derejeli ýaryşlara, olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşiginde 2 sany birinji, 6 sany ikinji we 8 sany üçünji orny eýelediler.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.