Aýdyň maksatlar — beýik ösüşlere badalga

20 Dekabr 2023
793

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler hem her birimizde buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar.

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar» diýmek bilen, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.