Mugallym — miweli daragt

20 Dekabr 2023
623

Mugallym — miweli daragt ýaly belentlik. Onuň gadyr-gymmaty berýän miwesi bilen ölçenilýär. Ine, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow hem bilim dünýäsinde miwesini boldan eçilýän daragtlaryň biri.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan uçurym bolan ýaş hünärmen eýýäm tutuş welaýatymyzda işi iň netijeli mugallymlaryň biri hökmünde tanalýar. Şol netije bolsa onuň şägirtleriniň döwlet we halkara derejeli dersdir taslama bäsleşiklerinde gazanýan ýokary netijeleri bilen baglydyr.