Bilim — ösüşleriň özeni

20 Dekabr 2023
607

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyk derejede ösýär we belent sepgitlere ýetýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän işler bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ak mekdeplere ilkinji gadam basan ýaş nesillere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilýän «Bilimli» atly şahsy kompýuterleriň gowşurylmagy ösüp gelýän nesilleriň döwrebap bilim almagyna, innowasiýalardan we sanly ulgamdan oňat baş çykarmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň üçin bagtyýar nesilleriň kalbyndaky alkyşy, bilime bolan höwesi has-da uludyr. Gahryman Arkadagymyz: «Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly, ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir» diýip, örän jaýdar belleýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn bedenli, belent ruhly, döwrebap bilimli, ylymly hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi, ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulmagy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren teklibi örän möhüm bolup durýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, dünýä derejesinde okadylmagynda wajyp ähmiýete eýe boljak şeýle tutumly işler ata Watanymyzyň bilim binýadynyň barha berkidilmegine ýardam edýär.

Laçyn BEKDURDYÝEWA,
Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.