Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20 Dekabr 2023
660

Ýaş nesillere bilim bermek, olaryň sowatly, zehinli bolmagyny gazanmak her bir mugallymyň paýyna düşýär. Esasan-da, çaganyň ilkinji başlangyç bilimini oňat bermek, olaryň aň-düşünjesiniň ýokarlanmagyny gazanmak başlangyç synp mugallymlarynyň esasy öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Munuň üçin mugallymlar bar yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şeýle işjanly mugallymlaryň biri-de Mahym Muhammetdurdyýewadyr.

Mahym mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 6 ýyl bäri başlangyç synp hem-de iňlis dili mugallymy bolup zähmet çekip gelýär. Mugallym häzirki wagtda Mary etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işlemek bilen, 4-nji “Ä” synpyň okuwçylaryna bilim berýär. Ol okuwçylarynyň geljekde ata Watanymyza wepaly, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolmagy üçin bar yhlasyny siňdirýär. Munuň üçin ene-atalar kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Mahym mugallyma çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.