Kämil bilim — röwşen geljegiň kepili

20 Dekabr 2023
482

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Şunda sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, olaryň öz hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açylýar. Milli bilim ulgamynda giň gerimde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ösüp gelýän ýaş nesle halkara ülňülere laýyk derejede çuňňur we ýokary hilli bilim berilýär, edep-terbiýeli we zehinli nesiller ýetişdirilýär.

Serdar KAKYŞOW,
Boldumsaz etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.