Zamanaň daýanjy — bilimli ýaşlar

20 Dekabr 2023
578

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara işlemäge, okamaga, döretmäge aýratyn itergi boldy. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň hem aňrysynda uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde, adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar.

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagy, öwrenmegi üçin hemme şertleri döredýär. Bilim berýän orta mekdepleriň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň binýady berkden tutulýar.

Göwhertäç GYLYJOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.