Ýaş zehinler kemala gelýär

20 Dekabr 2023
628

Ata Watanymyz Türkmenistan — bagtly çagalygyň ýurdy. Berkarar ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň diňe bir döwrebap bilim almagy däl, eýsem, olaryň zehinleriniň ýüze çykmagy üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp kemala gelýän çagalaryň edebiýat, sungat, sport, häzirki zaman tehnologiýalary boýunça çuňlaşdyrylan bilimlere we endiklere eýe bolmaklary üçin çagalar we ýetginjekler öýleri, mekdeplerde dürli gurnaklar, çagalar sungat we sport mekdepleri hereket edýär.

Ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, olarda sungatyň inçe syrlaryny öwrenýän çagalaryň sanynyň artýandygy örän guwandyrýar. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem aýdym-saz sungatynyň täsin dünýäsine içgin aralaşýan ýaş zehinler saz gurallarynyň dürli görnüşlerinden baş çykarmagy, halk, nusgawy aýdymlary aýtmagy, tanslary ýerine ýetirmegi öwrenýärler. Şu günler mekdebimiziň ýaş zehinleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny ruhubelentlikde garşylaýarlar. Baýramçylyk mynasybetli ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, joşgunly çykyşlary olaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, bagtyýar durmuşymyza, Täze ýyl baýramyna bolan ýürek buýsançlarynyň özboluşly beýanyna öwrülýär.   

Hajybibi MIRIÝEWA,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.