Belent ynamdan ruhlanyp

20 Dekabr 2023
723

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bu ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmeginiň ajaýyp miwesidir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly biziň üçin hem üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim-terbiýe berýän, bäsleşiklere taýýarlaýan zehinli matematik talyplarymyz ýylyň dowamynda birnäçe iri halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar. Hususan-da, matematika dersi boýunça Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde geçirilen olimpiadada uniwersitetimiziň talyplary 1 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň arasynda geçirilen Açyk halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, şahsy bäsleşikde 3 altyn, 12 kümüş, 13 bürünç medal, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 altyn, 4 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar. Zehinli ýaşlarymyz Russiýa Federasiýasynyň Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralyp, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda differensial deňlemeler boýunça geçirilen matematika olimpiadasynda 2 bürünç, Bolgariýa 30-njy halkara olimpiadasynda 1 kümüş, 3 bürünç medallara, 3 sany höweslendiriji baýraga, Özbegistanyň Nukus şäherinde geçirilen Al-Horezmi adyndaky II halkara matematika olimpiadasynda 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç, Polşanyň Katowiçe şäherinde Sileziýa uniwersitetiniň guramagynda geçirilen olimpiadada şahsy bäsleşikde 2 altyn, 4 kümüş, toparlaýyn bäsleşikde bürünç medallara, 29-njy noýabr — 3-nji dekabr aralygynda Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «RUDN math olimp» atly halkara matematika olimpiadasynda 3 altyn, 2 kümüş medallary eýelediler. Toparlaýyn bäsleşikden bolsa ýurdumyza bürünç medal bilen dolandylar. Şunuň ýaly halkara bäsleşikler ýaşlaryň diňe bir alýan bilimini çuňlaşdyrmagyna, ylmy pikirleniş ukyplarynyň ösmegine oňaýly täsir etmän, eýsem, olaryň dünýä derejesinde batly depginler bilen ösýän bilimiň, sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaklaryna-da uly ýardam berýär.

Agaserdar ÝOLLYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.