Röwşen geljegimiz

19 Dekabr 2023
650

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, sport, aýdym-saz, çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda täze, döwrebap çagalar baglary we orta mekdepler gurlup, olar ýokary derejede enjamlaşdyrylýar. Dünýä nusgalyk bolan şeýle çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň binalary obalarymyzyň, şäherlerdir şäherçelerimiziň görküne görk goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiz üçin döredijilikli bilim gurşawy döredildi. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw maksatnamalary, meýilnamalary düzülip, okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanyldy. Multimedia tehnologiýalarynyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda çagalar bagyndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde terbiýeçilerdir mugallymlar işjeň okuw usullaryny işläp düzýärler. Munuň özi çagalaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmakda we ösdürmekde, olaryň şahsyýetini kemala getirmekde oňyn netijeleri berýär.

Ogulbahar HALDURDYÝEWA,
Tejen etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň müdiri.