Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20 Dekabr 2023
709

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge uly ünsüň berilmegi geljekde ähli ugurlarda beýik ösüşleri, belent üstünlikleri gazanmak baradaky aladany özünde jemleýär. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi hem şundan ugur alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr.

Dil öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrmak bilen, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepler açylyp, olara innowasion dil öwreniş usullary ornaşdyrylýar. 

Aýjemal ÝOLAMANOWA,
Esenguly etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.