Dil bilen dünýäni gezer

20 Dekabr 2023
474

 Her bir ynsanyň özüne mahsus sözleýiş äheňi bar. Galyberse-de, milli aýratynlyga ýugrulan dünýä dilleriniň birnäçesine düşünmegiň, dogry sözleşmegiň özi-de, daş-töweregindäkileriň sowatly adama bolan hormatyny artdyrýar.

Dil öwrenmek — bu geljegiňe bolan ynamdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, öwrenmek isleýän adam diňe yhlasly hem-de tutanýerli bolmaly. Syýahata gitmek isleýän adam, şol halkyň milli aýratynlyklaryna, ýerli sözleýiş dili babatdaky maglumatlara eýe bolmalydyr. Bulardan habarly syýahatçy özüniň syýahat edýän ýurdunda kynçylyklara duşmaz.

Baýram KEMALOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.