Ajaýyp zamanyň bagtly ýaşlary

20 Dekabr 2023
648

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuter, multimediýa-interaktiw, lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň hyzmatyndan peýdalanyp, ylym-bilim alýarlar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary milli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, häzirki döwre buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak täze eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

Aýnagözel NYÝAZMYRADOWA,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.