Harby bilimiň binýady

20 Dekabr 2023
525

Binanyň berkliginiň binýadyna bagly bolşy ýaly, döwletiň we jemgyýetiň ösüşi hem ýaşlara berilýän ylmyň-bilimiň derejesine bagly bolup durýar. Binýady näçe berk bolsa, gurýan ymaratyň hem şonça pugta bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy ýurduň geljekki ösüşleriniň kepilidir diýip arkaýyn aýdyp bileris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy has-da kämilleşdirilip, türkmen ýaşlary ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gidip, geljege sary öňe barýarlar. Geljekki Watan goragçylaryny taýýarlaýan TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem harby çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitlere dünýä ülňülerine laýyklykda başlangyç okuw sapaklary geçirilip, kämil derejede bilim berilýär.

Harby mekdebiň esasy ugry serkerdelik we başlangyç harby tilsimleri çuňlaşdyryp öwretmek bilen, harby ýokary okuw mekdeplerine mynasyp dalaşgärleri ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ýerde tejribeli serkerdelerdir mugallymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, harby okuwçylaryň il-güne wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde görelde bolup, ýaş nesillere harby durmuşyň inçe syrlaryny öwredýärler. Harby gullugyň düzgün-nyzamyndan, kada-kanunlaryndan başga-da, geljekki Watan goragçylaryna milli däp-dessurlarymyzyň, ahlak gymmatlyklarymyzyň ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär. Çünki harby okuwçylarymyz edermen, batyr, gaýratly, hoşniýetli, dogry sözli, umuman, hemmetaraplaýyn ösen hem-de gujur-gaýratly Watan goragçylary bolup ýetişmelidirler.

Bahargül MÄTDURDYÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.