Baky bagtyň şuglasy

20 Dekabr 2023
652

Halkymyzy abadan, bolelin durmuşa ýetiren, berkarar Watanymyzy rysgal-bereketli mekana öwren döwlet syýasatymyzda bilim hem-de ylym ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Munuň özi ýurduň köptaraply ösüşinde ylymdyr bilimiň berk binýat bolup durýandygy bilen baglydyr. Sebäbi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zerur bolan bilimli hünärmenleri taýýarlamak depginli ösüşiň girewidir. Şundan ugur alnyp, ylymly-bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji wezipeleriň hatarynda goýuldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamasyna bagtyýar nesilleriň dünýägaraýyşlaryny giňeltjek, ylmyň dürli ugurlary babatda ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrjak, olaryň geljekde ýurdumyzyň köptaraply ösüşinde möhüm bolan hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine netijeli itergi berjek okuw dersleriniň girizilmegi hem nygtalmaga mynasypdyr. 

Berkarar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly, hünärli hem-de watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, mertebeleri belent bolsun!

Gülşat GURBANOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.