Talyplaryň bäsleşigi

20 Dekabr 2023
455

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Iň gowy taýýarlykly sanitar topary» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin sanitar toparlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek we olaryň taýýarlyk ýagdaýyny kesgitlemek, fiziki taýýarlyklaryny barlamak hem-de ösdürmek, türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmekden ybarat boldy.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 1-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2-nji, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere göçme kubok bilen Hormat hatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Annagül ATAÝEWA,
TGM-niň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, maýor.