"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Köpugurly hyzmatdaşlyga täze badalga

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biziň günsaýyn özgerýän Watanymyzda uly taryhy wakalar, örän ähmiýetli forumdyr sammitler bolup geçýär. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha beýgeldýär. Şeýle wajyp wakalaryň ýene biri, ýagny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýokary guramaçylykly we juda netijeli geçdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde örän üstünlikli geçen sammitde YHG-ä agza ýurtlar tarapyndan «Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy» kabul edildi. Şol gün irden milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly açylan kaşaň «Garagum» oteline köpsanly ulag kerwenlerinde onlarça ýurtdan myhmanlar geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz hem bu ýerde hereket edýän Metbugat merkezine bardyk. Biziň giň, baý we özboluşly sähramyzyň adyny göterýän otelde myhmanlary kabul edip, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigine ýene bir ýola göz ýetirdik.

Baky Bitaraplyga bagyşlandy

Düýn Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp «Baky Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa DTYB-yň ýerli we ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarow çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli Bitaraplyga esaslanan daşary syýasaty, şol syýasatyň netijesinde Watanymyzyň halkara giňişliginde ýeten belent derejeleri, türkmen Bitaraplygynyň sebitiň we bütin dünýäniň döwletleriniň ykdysady, medeni taýdan ösüşlerine, halklaryň parahat durmuşyna ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz baky Bitaraplygymyz hakynda

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşuçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty mähriban halkymyza asuda durmuşda ýaşap, yhlasly zähmet çekmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň meselelerini üstünlikli çözmäge şert döretdi.

Ýylyň adyna buýsanç

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirilip, onda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň 2022-nji ýylyň şygaryny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan goldanyldy. Şondan soň, bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpany özünde jemleýän bu şygary goldap geçirilýän maslahatlar bütin ýurdumyzda giň gerime eýe boldy. Biz hem täze ýyla teklip edilýän şygara buýsanç hökmünde dörän goşgyny okyjylara hödürlemegi makul bildik. Dostlaşdyrýar dünýäň halkyn, ýaz bolup türkmen howasy,Gatnaşykda täze galkym, iller geýýär bagt lybasy, Gün deý şugla saçyp ýalkym, bu zaman döwürleň şasy,Gazany gaýnamaz galpyň hem munda baýnamaz a:sy1,Belent sepgitlere galkyň, ökde bilen edip bäsi,Täze ýylyň ady — «Halkyň Arkadagly zamanasy».

Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

Türkmen ruhunyň, kalbynyň, arzuw-islegleriniň bitewüligi bolan hemişelik Bitaraplygymyza 26 ýyl boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip Kararnama kabul etmegi hem diýseň buýsançlydyr. Indi bütin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýän bu baýramçylygyň dabaralarynyň ýurdumyzda giň gerim alan häzirki günlerinde daşary ýurtly türkmenlerden sanly ulgam arkaly toý gutlaglary yzygiderli gelip gowuşýar. Toýly SUHANLY,DTYB-yň Şwesiýa bölümi bolan «Hazar medeni ojagy» jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

Parahatçylygyň ýoly

Dünýä ýurtlary bilen dostana, ynsanperwer gatnaşyklary saklamak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Bu ýörelgeler türkmeniň täze taryhynyň ýazylýan häzirki döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan goňşudyr alysky halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýäniň iň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de türkmen ynsanperwerliginiň äleme ýaýylmagy boldy. Her ýylda bir şygary baş ýörelge edinýän ýurdumyzda üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Eýýäm ýylyň şu atlary hem Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygyň, bir-birege ynanyşmagyň, hoşniýetli gatnaşyklary barha ilerletmegiň aladasyny edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen birlikde, beýleki iri halkara guramalary bilen-de işjeň aragatnaşyk saklap, umumadamzat bähbitli tutumly işleriň oňyn çözülmegine mynasyp goşandyny goşýar. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitinde hem dünýä jemgyýetçiligine dahylly meseleler barada aýratyn durlup geçilip, oňyn b

Bitaraplyk — ak bagtym!

Bitaraplyk bu türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly, agzybir, ylalaşykly ýaşamagynyň beýanydyr. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişligindäki hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Türkmenistan ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap, hiç hili harby bileleşiklere goşulmaýar. Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalanmagy ugrunda oňyn başlangyçlary öňe sürüp çykyş edýär.

Daşary ýurtly döwlet baştutanlary türkmen Bitaraplygy hakynda

Türkmenistan dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Wladimir PUTIN,Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

Baky bagtyýarlygyň Diýary

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşen halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi uludan belläp geçýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanylýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Türkmenistan Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy esasynda halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde şan-şöhrata eýe boldy. Şoňa görä-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän sene hökmünde taryha girdi. Türkmenistanyň eýe bolan halkara hukuk ýagdaýy kanunçylyk taýdan berkidildi. Ýagny, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Agzalan resminamalaryň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň baky B

Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, oňyn içeri we daşary syýasat alnyp barylýar. Döwletimiz dürli halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti munuň aýdyň mysalydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezdi. Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýar.

Milli Liderimiziň hoşniýetli syýasaty: durnukly ösüş, parahatçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmen halky ýene-de sanlyja günden milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi baýram eder. Türkmenistan üçin Bitaraplyk halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen hukuk ýagdaýy bolmak bilen, parahatçylygy gorap saklamak, her bir döwletiň gazananlaryna, milli gymmatlyklaryna hormat goýmak, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara howpsuzlygy üpjün etmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmek, adam bähbitlerine gulluk etmek, sebitde we onuň çäklerinden daşarda bar bolan meseleleri çözmek boýunça netijeli gepleşikleri ýola goýmak üçin şertleri döretmek arkaly halkara gatnaşyklara doly derejeli gatnaşmak ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär.

Bitaraplyk — dillerimiziň senasy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Parahatçylygyň belent nusgasy (Halkara Bitaraplyk gününe)

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak babatda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerine, bu ugurdaky başlangyçlaryna işjeň goşulmak biz — ýaşlaryň, geljekki hünärmenleriň mukaddes borjudyr. Ýene-de sanlyja günlerden halkymyz eziz Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 26 ýyllygyny ýokary derejede baýram eder.

Nebitgazçylar täze ýylyň şygaryny goldaýarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikdäki guramaçylygynda nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, ýetip gelýän täze 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan zähmet köpçüligi gatnaşdy. Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşmesiniň merkezi geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Milli Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüni dolandyrýan edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň, Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň işgärleri çykyş etdiler.

Parahatçylygyň nurana ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Asudalyk, parahatçylyk arkaly durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýörelgesi esasynda eziz Diýarymyz ykdysady, medeni ösüşlere eýe boldy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň aň-düşünjesi, medeni we ruhy durmuşy uly ösüşlere eýe bolup, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyz täzeden rowaçlandy. Şonuň netijesinde paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak we döretmek ýörelgeleri bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde durnukly ösüş ýoluna düşen döwlet hökmünde ykrar edildi.

Dostlukly gatnaşyklaryň binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza 26 ýyl dolýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde beýik işleri alyp barýar. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan YHG-a başlyklyk eden döwründe guramanyň giňişliginde parahatçylygy we ösüşi berkarar etmekde döredijilikli başlangyçlar bilen nusgalyk işleri durmuşa geçirdi. Muny YHG-nyň 15-nji sammiti aýdyňlygy bilen görkezdi. Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz sebit hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak, tagallalary birleşdirmek babatda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Onda hyzmatdaşlygyň söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, maýa goýumlar, syýahatçylyk, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bitaraplyk taglymaty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi taryhy ähmiýetli wakalardyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa örän buýsançlydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmen Bitaraplygy ýurtlary, halklary birleşdirýän ygtybarly ýoldan ugur alyp, dünýäde asudalyga, agzybirlige, parahatçylyga, dost-doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilendir. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň iri halkara forumlarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, döwletara gatnaşyklarda uly goldawa mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň oňyn tejribeler hem-de diplomatik netijelere esaslanýandygyny görkezýär.

Toýlara beslenýär Berkarar Watan

Halkara Bitaraplyk gününiň dürli köpçülikleýin-medeni we syýasy çäreler bilen dabaralandyrylmagynyň özboluşly sebäbi bar. Çünki ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy özüniň parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däplerine hormat goýmak, dini garaýyşlara sarpa goýmak ýaly binýatlaýyn ýörelgeleri bilen döwletimiziň halkara giňişligindäki syýasatynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi. Şu günler mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan maslahatlardyr duşuşyklarda, dabaraly çärelerde döwletleriň arasynda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hasaplanylýan Garaşsyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dogrusynda buýsançly gürrüňler edilýär. Golaýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen maslahat hem bu şanly senä bagyşlandy.

Bütin dünýä gapylarymyz açykdyr

Goňşy we alysdaky döwletler bilen özara bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde bu babatda gazanylan üstünlikler haýran galdyryjydyr. Ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen oňyn ýagdaýy berkarar etmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň bu hukuk derejesine giňden daýanmak bilen alyp barýan beýik işleri, öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä nusgalykdyr, umumadamzat bähbitlidir. Şol sebäpli Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzadyň öňünde keserýän ýiti meseleleri çözmek boýunça edýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ata Watanymyz dünýä üçin açykdyr, taraplaryň bähbitlerini nazarda tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hemişe taýýardyr. Şeýle çemeleşme döwletimiz tarapyndan üstünlikli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasatynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine daşary ýurtly maýadarlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşandynyň barha artýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň sebitlerinde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kämil önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän dürli harytlar ýurdumyzyň eksport mü

Abadançylygyň dabaralanmasy

Şu günler türkmen halky Türkmenistan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda bellenilýän her bir şanly senäni ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen sowgatly garşylamagy däbe öwren ildeşlerimiz häzirki günlerde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şertlerinden peýdalanyp, has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen bir hatarda, sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşynda «Ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny bellemek isleýärin» diýip nygtady.