Ýylyň adyna buýsanç

7 Dekabr 2021
1311

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirilip, onda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň 2022-nji ýylyň şygaryny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan goldanyldy. Şondan soň, bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpany özünde jemleýän bu şygary goldap geçirilýän maslahatlar bütin ýurdumyzda giň gerime eýe boldy. Biz hem täze ýyla teklip edilýän şygara buýsanç hökmünde dörän goşgyny okyjylara hödürlemegi makul bildik.

Dostlaşdyrýar dünýäň halkyn, ýaz bolup türkmen howasy,
Gatnaşykda täze galkym, iller geýýär bagt lybasy,
Gün deý şugla saçyp ýalkym, bu zaman döwürleň şasy,
Gazany gaýnamaz galpyň hem munda baýnamaz a:sy1,
Belent sepgitlere galkyň, ökde bilen edip bäsi,
Täze ýylyň ady — «Halkyň Arkadagly zamanasy».

Döwrangeldi AGALYÝEW.