Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň aýdyň ýoly

7 Dekabr 2021
1167

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, oňyn içeri we daşary syýasat alnyp barylýar. Döwletimiz dürli halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti munuň aýdyň mysalydyr.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezdi. Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýar.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.