Nebitgazçylar täze ýylyň şygaryny goldaýarlar

6 Dekabr 2021
1055

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikdäki guramaçylygynda nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, ýetip gelýän täze 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan zähmet köpçüligi gatnaşdy.

Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşmesiniň merkezi geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Milli Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüni dolandyrýan edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň, Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň işgärleri çykyş etdiler.

«Nebit-gaz».