Bitaraplyk — ak bagtym!

7 Dekabr 2021
1153

Bitaraplyk bu türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly, agzybir, ylalaşykly ýaşamagynyň beýanydyr. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişligindäki hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir.

Türkmenistan ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap, hiç hili harby bileleşiklere goşulmaýar. Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalanmagy ugrunda oňyn başlangyçlary öňe sürüp çykyş edýär.

Myratberdi HEZRETKULOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.