Baky Bitaraplyga bagyşlandy

7 Dekabr 2021
1365

Düýn Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp «Baky Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa DTYB-yň ýerli we ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarow çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli Bitaraplyga esaslanan daşary syýasaty, şol syýasatyň netijesinde Watanymyzyň halkara giňişliginde ýeten belent derejeleri, türkmen Bitaraplygynyň sebitiň we bütin dünýäniň döwletleriniň ykdysady, medeni taýdan ösüşlerine, halklaryň parahat durmuşyna ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

«Türkmen dünýäsi».