Bütin dünýä gapylarymyz açykdyr

6 Dekabr 2021
1007

Goňşy we alysdaky döwletler bilen özara bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde bu babatda gazanylan üstünlikler haýran galdyryjydyr. Ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen oňyn ýagdaýy berkarar etmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň bu hukuk derejesine giňden daýanmak bilen alyp barýan beýik işleri, öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä nusgalykdyr, umumadamzat bähbitlidir. Şol sebäpli Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzadyň öňünde keserýän ýiti meseleleri çözmek boýunça edýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Ata Watanymyz dünýä üçin açykdyr, taraplaryň bähbitlerini nazarda tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hemişe taýýardyr. Şeýle çemeleşme döwletimiz tarapyndan üstünlikli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasatynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine daşary ýurtly maýadarlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşandynyň barha artýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň sebitlerinde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kämil önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän dürli harytlar ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň has giňelmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Bahtyýar HALILOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň migrasiýa nokadynyň müdiri, kapitan.