Parahatçylygyň ýoly

7 Dekabr 2021
1180

Dünýä ýurtlary bilen dostana, ynsanperwer gatnaşyklary saklamak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Bu ýörelgeler türkmeniň täze taryhynyň ýazylýan häzirki döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan goňşudyr alysky halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýäniň iň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de türkmen ynsanperwerliginiň äleme ýaýylmagy boldy. Her ýylda bir şygary baş ýörelge edinýän ýurdumyzda üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Eýýäm ýylyň şu atlary hem Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygyň, bir-birege ynanyşmagyň, hoşniýetli gatnaşyklary barha ilerletmegiň aladasyny edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen birlikde, beýleki iri halkara guramalary bilen-de işjeň aragatnaşyk saklap, umumadamzat bähbitli tutumly işleriň oňyn çözülmegine mynasyp goşandyny goşýar. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitinde hem dünýä jemgyýetçiligine dahylly meseleler barada aýratyn durlup geçilip, oňyn başlangyçlar öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, şol mejlisde eden çykyşynda hem bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşygy ösdürmek meseleleri barada giňişleýin durup geçdi hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyga mydama taýýardygyny aýratyn belledi.

Mahroba JORAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.