Toýlara beslenýär Berkarar Watan

6 Dekabr 2021
1083

Halkara Bitaraplyk gününiň dürli köpçülikleýin-medeni we syýasy çäreler bilen dabaralandyrylmagynyň özboluşly sebäbi bar. Çünki ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy özüniň parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däplerine hormat goýmak, dini garaýyşlara sarpa goýmak ýaly binýatlaýyn ýörelgeleri bilen döwletimiziň halkara giňişligindäki syýasatynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi.

Şu günler mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan maslahatlardyr duşuşyklarda, dabaraly çärelerde döwletleriň arasynda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hasaplanylýan Garaşsyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dogrusynda buýsançly gürrüňler edilýär. Golaýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen maslahat hem bu şanly senä bagyşlandy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.