Abadançylygyň dabaralanmasy

6 Dekabr 2021
1074

Şu günler türkmen halky Türkmenistan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda bellenilýän her bir şanly senäni ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen sowgatly garşylamagy däbe öwren ildeşlerimiz häzirki günlerde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şertlerinden peýdalanyp, has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen bir hatarda, sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşynda «Ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny bellemek isleýärin» diýip nygtady.

Hydyrmuhammet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.