Parahatçylygyň nurana ýoly

6 Dekabr 2021
960

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Asudalyk, parahatçylyk arkaly durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýörelgesi esasynda eziz Diýarymyz ykdysady, medeni ösüşlere eýe boldy.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň aň-düşünjesi, medeni we ruhy durmuşy uly ösüşlere eýe bolup, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyz täzeden rowaçlandy. Şonuň netijesinde paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak we döretmek ýörelgeleri bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde durnukly ösüş ýoluna düşen döwlet hökmünde ykrar edildi.

Humaý ARTYKBAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.