Köpugurly hyzmatdaşlyga täze badalga

8 Dekabr 2021
1621

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biziň günsaýyn özgerýän Watanymyzda uly taryhy wakalar, örän ähmiýetli forumdyr sammitler bolup geçýär. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha beýgeldýär. Şeýle wajyp wakalaryň ýene biri, ýagny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýokary guramaçylykly we juda netijeli geçdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde örän üstünlikli geçen sammitde YHG-ä agza ýurtlar tarapyndan «Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy» kabul edildi.

Şol gün irden milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly açylan kaşaň «Garagum» oteline köpsanly ulag kerwenlerinde onlarça ýurtdan myhmanlar geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz hem bu ýerde hereket edýän Metbugat merkezine bardyk. Biziň giň, baý we özboluşly sähramyzyň adyny göterýän otelde myhmanlary kabul edip, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigine ýene bir ýola göz ýetirdik.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi».