Dostlukly gatnaşyklaryň binýady

6 Dekabr 2021
1180

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza 26 ýyl dolýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde beýik işleri alyp barýar.

Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan YHG-a başlyklyk eden döwründe guramanyň giňişliginde parahatçylygy we ösüşi berkarar etmekde döredijilikli başlangyçlar bilen nusgalyk işleri durmuşa geçirdi. Muny YHG-nyň 15-nji sammiti aýdyňlygy bilen görkezdi. Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz sebit hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak, tagallalary birleşdirmek babatda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Onda hyzmatdaşlygyň söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, maýa goýumlar, syýahatçylyk, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merdan AHMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.