Baky bagtyýarlygyň Diýary

7 Dekabr 2021
1096

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşen halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi uludan belläp geçýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanylýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.

Türkmenistan Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy esasynda halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde şan-şöhrata eýe boldy. Şoňa görä-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän sene hökmünde taryha girdi. Türkmenistanyň eýe bolan halkara hukuk ýagdaýy kanunçylyk taýdan berkidildi. Ýagny, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Agzalan resminamalaryň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň baky Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatynyň Konsepsiýasy hem tassyklanyldy.

Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.