Bitaraplyk taglymaty

6 Dekabr 2021
1039

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi taryhy ähmiýetli wakalardyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa örän buýsançlydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenýär.

Türkmen Bitaraplygy ýurtlary, halklary birleşdirýän ygtybarly ýoldan ugur alyp, dünýäde asudalyga, agzybirlige, parahatçylyga, dost-doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilendir. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň iri halkara forumlarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, döwletara gatnaşyklarda uly goldawa mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň oňyn tejribeler hem-de diplomatik netijelere esaslanýandygyny görkezýär.

Aýhan GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.