"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygy

Bereketli hasyl ugrunda Şabat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň ekerançylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ene toprakdan ýeralmanyň, gök hem-de bakja önümleriniň bereketli hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli iş alyp barýarlar. Bu ýerde 60 gektara sogan, 30 gektara ýeralma, 10 gektara hem pomidor, kelem ekilip, olaryň ideg çärelerine aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde hem bu ekinler şu günlerde hasyl toplap, her bir gektar ýerden bol önüm öndüriljekdiginden habar berip otyrlar.

Durmuşymda ýatdan ýykmajak gün

Hormatly Prezidentimiziň bugdaýly meýdanymyza gelip, meniň bilen söhbetdeş bolmagy, hal-ýagdaýymyz, maşgalamyz, iş we durmuş şertlerimiz bilen gyzyklanmagy, öz sowgatlaryny gowşurmagy başymy göge ýetirdi, göwün guşumy ganatlandyrdy. Arkadagly Serdarymyz bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi has-da yhlasly işlemäge, täze-täze üstünliklere ýetmäge ruhy güýç berdi. Hormatly Prezidentimiziň topraga ideg edişimiz bilen gyzyklanyp, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermegi bereketli hasyly ýygnamakda yhlasymyza yhlas goşup, bagt atyna atardy. Ýatdan çykmajak bu gün maşgalamyz üçin uly toýa öwrüldi. Men indi 23 ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýärin. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ideg eden ekin meýdanymda gallanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen mele toprakdan ýokary hasyl almagymyz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjünçiligiň ýokary bolmagy yhlasymyza yhlas goşýar, zähmet öndürijiligimizi artdyrýar.

Täze üstünliklere ruhlandyrdy

Ynsan durmuşynda hemişelik ýatda galyp, ruhubelentlik döredýän pursatlar bolýar. Arkadagly Serdarymyz bilen bolan söhbetdeşligim durmuşymda iň ýakymly pursatlaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz erk edýän, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kuwwatly, däne orujy kombaýnymyň iş düzgünleri, onda döredilen amatlyklar bilen gyzyklandy. Arkadagly Serdarymyza ýokary öndürijilikli işlemek üçin ähli şertler döredilen kombaýn bilen her günde 20 gektara golaý meýdanyň galla hasylyny ýygnap bolýandygy barada gürrüň berdim. Oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemekleri üçin döredilýän ähli amatly şertler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalarynyň netijesidir. Oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly döwür bolan galla oragynyň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň zähmetiň gaýnap-joşýan ýerine gelip, gallaçylaryň armasyny ýetirmegi bizi has-da öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çekýän asylly zähmetime minnetdarlygyň nyşany hökmünde öz sowgatlaryny gowşurmagy indi birnäçe ýyl bäri meşgullanyp gelýän mehanizatorçylyk kärime bolan söýgimi has-da artdyrdy.

Başynda ýaşaýayş göteren peýkam, bugdaýly meýdan!

Hormatly Prezidentimiziň gelmegi bilen has-da gözel görnüşe girdi Çogly tomus paslynyň ilkinji aýy — ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň durmuşynda iň gyzgalaňly döwür. Ine, şeýle pursatlarda Gyzylarbat etrabynyň çäginde «Batly-Gadam» hususy kärhanasyna degişli, misli zer çaýylan dek saralyp, tolkun atyp ýatan altyn başly bugdaýly meýdany synlap durşumyza makalamyza sözbaşy çykaran goşgy setirimiz, şahyryň öz aýdyşy ýaly, birdenkä geldi-de hakyda çümdi. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Çünki uly iliň soltany bolan bugdaý — ene topragyň berekedi, halkymyzyň rysgaly, Watanymyzyň baýlygy, ýaşaýşymyzyň özeni. Hut şonuň üçinem dili senaly ata-babalarymyz «Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir», «Ilki nan, soň — iman», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz», «Çöregiň kesenini gylyç kesmez», «Saçakdaky nan — aýdym hem mukam» ýaly ençeme pähimleri bize miras goýupdyrlar.

Zähmet gaýnap joşýar

Bu gün daýhanlaryň alyn derini, uçursyz köp zähmetini siňdiren gallaly atyzlaryny synlamaga göz, wasp etmäge söz gerek. Hawa, ynsanyň gollarynyň gudraty, yhlasy bilen ene toprak berekede beslendi. Altyn güýzde umyt-arzuwa beslenip, topraga atylan däneler müňledi. Indi uly iliň soltany bolan ak ekiniň dok däneli başlary atyzlara özboluşly gelşik berip, göreniň gözlerini dokundyrýar. Bol hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, döwlet ammarlaryna tabşyrmak bilen bagly işler bolsa ýokary guramaçylykly dowam edýär. Munuň şeýledigine Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaly meýdanlarynda bolanymyzda, magat göz ýetirdik. ― Görüp durşuňyz ýaly, zähmetimiz ýerine düşdi. Ýer eýelerimiz irki hem-de bol hasyly ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Gymmatly hasyly yrýa etmän ýygnamaly pursat hem gelip ýetdi. Şu jogapkärli günlerde bize etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçylary, awtoulag kärhanalarynyň sürüjileri kömege geldiler. Birleşen tagallalarymyz bilen bugdaýy ormak, hasyly harmanhana daşamak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Kärendeçilerimiziň gazanýan netijeleri olaryň azabynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär ― diýip, hojalygynyň 4-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Perman Hajyýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Meýdan düşelgesinde dabara geçirildi

Janypkeş gallaçylaryň hem-de ussat mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň “Waharman” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde dabara geçirildi. Günorta arakesme wagtynda geçirilen medeni-dynç alyş dabarasynda milli tagamlar bilen bezelen supra giňden ýazylyp, aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Gallaçylara ýurdumyzda bitýän dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan melhem içgiler hem hödürlendi. Gallaçylar medeni-dynç alyş dabarasyndan ruhy lezzet aldylar. Olara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy. Gallaçylar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Galla — mukaddes baýlygymyz

Bugdaý — halkymyzyň rysgal-berekedi, mukaddes baýlygymyz. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna ak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda uly tagallalaryň edilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyz boýunça 690 müň gektarda ýetişdirilen däneden hasylyň 1 million 400 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatymyzda 195 müň gektardan 400 müň tonnasyny almak maksat edinilýär. Guşgursak ak bugdaýyň oragyny guramaçylykly alyp barýan gallaçy daýhanlarymyz häzirki möwsüme jogapkärli çemeleşýärler. Galla oragynda welaýatymyz boýunça ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 567-si, şol sanda “John Deere” kysymly däne orujy tehnikalaryň 216-sy, “CLAAS” kysymly kuwwatly kombaýnlaryň 351-si bökdençsiz işledilýär. Häzirki gyzgalaňly günlerde ýygnalan hasyly daşamakda awtoulaglaryň 2835-si daýhanlarymyzyň hyzmatynda bolar. Möwsümde welaýatymyz boýunça uly göwrümli kabul ediş nokatlaryň 42-si we elektron terezileriniň 44-si hereket edýär.

Halal zähmetden döwlet tapanlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Batly-Gadam» hususy kärhanasyna degişli bugdaýly meýdanlarda zähmet çekýän daýhanlar, mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy we sowgatlary gowşurdy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan zähmetkeşleriň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Geldimyrat Amanmyradow,«Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabyndaky 3-nji ekerançylyk meýdançasynyň topar ýolbaşçysy:

Daýhan zähmetine belent sarpa

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetleriniň hasylyny orýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda daýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli ulanmagyň we döredilen ýer gaznasyndan bölünen ýer parçalaryny topragyň «diline» düşünýän, ondan ýokary hilli önüm öndürmegi başarýan hakyky daýhan nesline uzak möhletleýin kärendesine bermegiň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýer bilen iş salşyp, halal zähmet bilen baýajak ildeşlerimiz üçin döreden şertlerinden, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalykçylary hakynda edýän ýadawsyz aladalaryndan hem-de olara berýän kömek-goldawlaryndan peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň hem-de mülkdarlarymyzyň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşmesidir. Ýerden bol hasyl alyp, rysgal-bereket tapýan öňdebaryjy, merdana daýhanlarymyz baradaky aladalary birjigem üns merkezinden düşürmeýän Arkadagly Serdarymyz düýn Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz «Batly gadam» hususy kärhanasyna degişli bolan bugdaýly meýdana baryp, işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz bugdaý meýdanynda orum işlerini bökdençsiz, ýokary

Topragyň berekedi

Toprak ýeriň üstki gatlagydyr. Ol atmosferanyň düzüminiň esasyny sazlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe. Bu bolsa köp mukdarda dürli gazlary öndürýän toprak mikroorganizmleriniň işjeňligi bilen baglanyşykly amala aşyrylýar. Suw toprak gatlagyndan süzülip geçip, ondaky himiki elementleri özüne alýar. Suwuň esasy ykdysady görkezijileri onuň tehniki we arassaçylyk gymmaty, himiki elementleriň saklanylyşy we olaryň arabaglanyşygy bilen kesgitlenilýär.

Balkanly maldarlaryň üstünlikleri

Balkan welaýatynyň «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatyň merdana maldarlary şu ýylda 58 müň 130 ene dowardan 53 müňden gowrak guzy we 3 müň 120 düýeden 700-den gowrak köşek almak baradaky göz öňünde tutulan meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň maldarlarynyň gazanan bu zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky aladalarynyň buýsançly netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda hem-de ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak möhüm jogapkärli wezipedir. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaýyň hasylyny ýygnamagy örän tiz hem gysga möhletde geçirmeli. Maglumatlara görä, bugdaýyň doly bişiş döwründen 15 gün geçensoň orulsa, dänesi dökülmezek, sypaly berk bolup, däne ýitgisi azyndan her gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Ýygym döwründe däne ýitgisiniň az bolmagyny gazanmakda kombaýnlaryň bugdaýy orup geçensoň, yzyna dökülip galan däneleriň mukdaryny anyklamak möhümdir. Ol ýitgileri anyklamagyň iň ýönekeý usuly 1 metr uzynlykdaky rezin şlanganyň uçlaryny birleşdirip tegelek halka ýasamaly we ony kombaýnyň orup geçen yzyna taşlap, içine düşýän däneleri sanamaly we depdere ýazmaly.

«Ýaz meýdanyň» zähmet üstünligi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guşgursak ak bugdaýyň 84 müň 200 tonnasyny taýýarlamagy borçlanan Kaka etrabynyň gallaçylary häzirki jogapkärli möwsümde tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň galla oragynda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýandyklaryna ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda etrapda döredijilik iş saparynda bolanymyzda aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Etrabyň altynbaş bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gallaçy daýhanlara sowgat beren «John Deere», «CLAAS» kysymly täze tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli kämil däne orujy kombaýnlaryň bol hasylly meýdanlardaky sazlaşykly hereketini göreniňde göwnüň göterilýär. Şeýle göwün göteriji pursatlara etrabyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda bolanymyzda uly buýsanç bilen şaýat bolduk. Bu öňdebaryjy daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Arslan Nuryýew bizi giň gözýetime uzap gidýän, berekedini bolluk bilen eçilen bugdaýly meýdanyň golaýynda garşylap, şu günlerki iş-aladalary bilen tanyşdyrdy. Guramaçy ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, daýhan hojalygy döredilenden bäri gallaçylykda-da, däneçilikde-de döwlet tabşyryklaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen berjaý edip gelýär. Üstümizdäki ýylda hem yhlas bilen zähmet çekildi. Daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň 900 gektarynda däne ýetişdirilip, şonuň 750 gektaryny toh

Daýhan azaby

Gün nuruna birkemsiz bişip, säheriň şemalyna ygşyldaşyp oturan bugdaý sünbülleri gözüňi dokundyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ahally babadaýhanlar hem galla oragyny guramaçylykly alyp barýarlar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaoraz Annamyradow hem galla oragyna ilkinjileriň hatarynda başlady. Indi 20 ýyla golaý wagt bäri topraga hyzmat edip gelýän tejribeli daýhan 30 gektar meýdandan 100 tonna golaý bugdaý hasylyny almaga borçlanýar. Diýmek, her gektaryň hasyllylygy 30—35 sentnere barabar bolýar. —Sahawatly topraga ak ýürek bilen hyzmat etseň öz berekedini bolluk bilen eçilýär. Men bu hakykaty maşgalamyzyň şeýle-de özümiň iş tejribämizde görüp gelýärin. Ejem ýeriň dilini tapyp, ondan ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Men hem ýetginjekligimden oňa ýakyndan ýardamçy bolup gezenimdenmi ýa halal zähmete çynym bilen berlenimdenmi bilmedim, topraga örkümi baglanymy duýman galdym. Her gezek ejem täze hasyldan çörek bişirip berende edil çaga ýaly begenerdik. Ýaňy orlan bugdaýyň unundan bişirilen çöregiň ysy-da, tagamy-da başgaça bolýar.

Täzelik

Halaç etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan galla oragy möwsüminde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň günortanlyk arakesmesinde armasyny ýetirmek maksady bilen «Galla — biziň baýlygymyz» atly aýdym-sazly dabara guraldy. Dabara öňdebaryjy kärendeçiler, ýaşulular, etrabyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda oba hojalyk ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara etrabyň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlarda, joşgunly tanslarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň waspy belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren degişme sahnalary, folklor çykyşlary bu ýere ýygnananlara uly ruhubelentlik paýlady. Dabaranyň soňunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan öňdebaryjy kärendeçilere, ökde mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri tarapyndan şu günler aýdym-sazly, dynç alyş çäreleri bilen galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşlerimiziň armasy ýetirilýär. Redaksiýamyza gelip gowşan hatlarda şol dabaraly çäreler barada gürrüň berilýär. Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginde «Berekediň artsyn, daýhan!» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirdik. Oňa etrabymyzyň beýleki daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän gallaçy kärendeçiler hem gatnaşdylar.

Gallaçylaryň armasy ýetirildi

Türkmeniň Hydyr gören rysgal-bereketli topragy atan her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýär. Oňa näçe yhlas edip, halal zähmet çekseň bol hasyl alyp biljekdigiň şübhesizdir. Biziň topragymyz rysgalyň gözli çeşmesidir. Ata-babalarymyzyň “Çekseň zähmet — ýagar rähnet” diýen nakylyna eýerip, ýeriň dilini tapýan daýhanlarymyz ondan bol hasyl almagy hem başarýarlar. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna bereketli harmanlar barha beýgelýär. Ýolöten etrabynyň edermen gallaçylary döwlet harmanyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen galla oragy möwsüminde yhlasly işleýärler. Oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly gidýän günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň agzybir işgärleri daýhanlaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirýärler. Ýakynda hem şeýle aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Kombaýnçylaryň arasynda zähmet bäsleşikleri guralyp, aýratyn tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy.

Bug­daý — rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan döw­le­ti­miz­de mäh­ri­ban hal­ky­myz Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne, be­lent sep­git­le­re bes­le­mek üçin giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik iş­le­ri bi­len ös­ýär, öz­ger­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni taý­dan ösü­şi bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan yk­dy­sa­dy ösüş­ler bi­len deň de­re­je­de hal­kyň ru­hy gal­ky­ny­şy saz­la­şyk­ly üp­jün edil­ýär. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny yl­my esas­da, dep­gin­li ös­dür­mek hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oňyn öz­gert­me­le­ri­niň, be­ýik iş­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da oba zäh­met­keş­le­ri gal­la­nyň we pag­ta­nyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça zäh­met çek­ýär­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men daý­ha­ny­na ha­lal iş­le­mä­ge, bol ha­syl ön­dür­mä­ge, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­ga döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ola­ra dün­ýä­niň kä­mil teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­g

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga bir hepde öň başlan Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bu asylly işe girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda orak möwsümine taýýarlyk işleri, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmak meselelerine üns çekildi. Olara gatnaşanlar oba zähmetkeşleri baradaky hemişelik aladasy, obasenagat toplumynyň tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri, ekerançylaryň mynasyp durmuşda ýaşamagyna, netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga bir hepde öň başlan Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bu asylly işe girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda orak möwsümine taýýarlyk işleri, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmak meselelerine üns çekildi. Olara gatnaşanlar oba zähmetkeşleri baradaky hemişelik aladasy, obasenagat toplumynyň tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri, ekerançylaryň mynasyp durmuşda ýaşamagyna, netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.