Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

10 Iýun 2023
372

Ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga bir hepde öň başlan Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bu asylly işe girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda orak möwsümine taýýarlyk işleri, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmak meselelerine üns çekildi. Olara gatnaşanlar oba zähmetkeşleri baradaky hemişelik aladasy, obasenagat toplumynyň tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri, ekerançylaryň mynasyp durmuşda ýaşamagyna, netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

(TDH)
Surata düşürenler Andreý PAKULOW, Allanur SAPAROW.