Daýhan zähmetine belent sarpa

13 Iýun 2023
413

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetleriniň hasylyny orýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda daýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli ulanmagyň we döredilen ýer gaznasyndan bölünen ýer parçalaryny topragyň «diline» düşünýän, ondan ýokary hilli önüm öndürmegi başarýan hakyky daýhan nesline uzak möhletleýin kärendesine bermegiň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýer bilen iş salşyp, halal zähmet bilen baýajak ildeşlerimiz üçin döreden şertlerinden, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalykçylary hakynda edýän ýadawsyz aladalaryndan hem-de olara berýän kömek-goldawlaryndan peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň hem-de mülkdarlarymyzyň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşmesidir.

Ýerden bol hasyl alyp, rysgal-bereket tapýan öňdebaryjy, merdana daýhanlarymyz baradaky aladalary birjigem üns merkezinden düşürmeýän Arkadagly Serdarymyz düýn Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz «Batly gadam» hususy kärhanasyna degişli bolan bugdaýly meýdana baryp, işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz bugdaý meýdanynda orum işlerini bökdençsiz, ýokary hilli ýerine ýetirýän kuwwatly tehnikalaryň işleýişlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde ýadawsyz zähmet çekýän oba hojalykçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Gyzylarbat etrabyndaky hususy kärhananyň 3-nji ekerançylyk meýdanynyň daýhany Geldi Amanmyradow, etrabyň Tehniki hyzmat ediş edarasynyň mehanizatory Saýlawgeldi Ödäýew hormatly Prezidentimiz bilen didarlaşyp, ýakyndan söhbetdeş bolandyklaryna hoşallyklaryny bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz olaryň işi bilen gyzyklanyp, söhbetdeş bolandan soň, şeýle gyzgalaňly möwsümde yhlasly zähmetlerini gaýgyrman, Watan harmanyny bugdaý däneleri bilen beýgeltmekde saldamly goşant goşýan ildeşlerimize Şa serpaýlaryny ýapdy.

Ýörite habarçymyz.