«Ýaz meýdanyň» zähmet üstünligi

13 Iýun 2023
307

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guşgursak ak bugdaýyň 84 müň 200 tonnasyny taýýarlamagy borçlanan Kaka etrabynyň gallaçylary häzirki jogapkärli möwsümde tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň galla oragynda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýandyklaryna ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda etrapda döredijilik iş saparynda bolanymyzda aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

Etrabyň altynbaş bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gallaçy daýhanlara sowgat beren «John Deere», «CLAAS» kysymly täze tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli kämil däne orujy kombaýnlaryň bol hasylly meýdanlardaky sazlaşykly hereketini göreniňde göwnüň göterilýär. Şeýle göwün göteriji pursatlara etrabyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda bolanymyzda uly buýsanç bilen şaýat bolduk. Bu öňdebaryjy daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Arslan Nuryýew bizi giň gözýetime uzap gidýän, berekedini bolluk bilen eçilen bugdaýly meýdanyň golaýynda garşylap, şu günlerki iş-aladalary bilen tanyşdyrdy. Guramaçy ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, daýhan hojalygy döredilenden bäri gallaçylykda-da, däneçilikde-de döwlet tabşyryklaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen berjaý edip gelýär. Üstümizdäki ýylda hem yhlas bilen zähmet çekildi. Daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň 900 gektarynda däne ýetişdirilip, şonuň 750 gektaryny tohumlyk bugdaý tutýar. Bugdaýyň Russiýadan getirilen «Bezostaýa—100» görnüşiniň bu ýerde ilkinji gezek ýetişdirilendigine garamazdan, oňat hilli, ýokary hasylyny eçildi.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren awtor.