Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

13 Iýun 2023
430

Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri tarapyndan şu günler aýdym-sazly, dynç alyş çäreleri bilen galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşlerimiziň armasy ýetirilýär. Redaksiýamyza gelip gowşan hatlarda şol dabaraly çäreler barada gürrüň berilýär.

Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginde «Berekediň artsyn, daýhan!» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirdik. Oňa etrabymyzyň beýleki daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän gallaçy kärendeçiler hem gatnaşdylar.