Başynda ýaşaýayş göteren peýkam, bugdaýly meýdan!

14 Iýun 2023
292

Hormatly Prezidentimiziň gelmegi bilen has-da gözel görnüşe girdi

Çogly tomus paslynyň ilkinji aýy — ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň durmuşynda iň gyzgalaňly döwür. Ine, şeýle pursatlarda Gyzylarbat etrabynyň çäginde «Batly-Gadam» hususy kärhanasyna degişli, misli zer çaýylan dek saralyp, tolkun atyp ýatan altyn başly bugdaýly meýdany synlap durşumyza makalamyza sözbaşy çykaran goşgy setirimiz, şahyryň öz aýdyşy ýaly, birdenkä geldi-de hakyda çümdi. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Çünki uly iliň soltany bolan bugdaý — ene topragyň berekedi, halkymyzyň rysgaly, Watanymyzyň baýlygy, ýaşaýşymyzyň özeni. Hut şonuň üçinem dili senaly ata-babalarymyz «Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir», «Ilki nan, soň — iman», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz», «Çöregiň kesenini gylyç kesmez», «Saçakdaky nan — aýdym hem mukam» ýaly ençeme pähimleri bize miras goýupdyrlar.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».