Täze üstünliklere ruhlandyrdy

14 Iýun 2023
264

Ynsan durmuşynda hemişelik ýatda galyp, ruhubelentlik döredýän pursatlar bolýar. Arkadagly Serdarymyz bilen bolan söhbetdeşligim durmuşymda iň ýakymly pursatlaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz erk edýän, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kuwwatly, däne orujy kombaýnymyň iş düzgünleri, onda döredilen amatlyklar bilen gyzyklandy. Arkadagly Serdarymyza ýokary öndürijilikli işlemek üçin ähli şertler döredilen kombaýn bilen her günde 20 gektara golaý meýdanyň galla hasylyny ýygnap bolýandygy barada gürrüň berdim.

Oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemekleri üçin döredilýän ähli amatly şertler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalarynyň netijesidir. Oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly döwür bolan galla oragynyň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň zähmetiň gaýnap-joşýan ýerine gelip, gallaçylaryň armasyny ýetirmegi bizi has-da öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çekýän asylly zähmetime minnetdarlygyň nyşany hökmünde öz sowgatlaryny gowşurmagy indi birnäçe ýyl bäri meşgullanyp gelýän mehanizatorçylyk kärime bolan söýgimi has-da artdyrdy.

Saýlawgeldi Ödäýew,
Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory.