Galla — mukaddes baýlygymyz

14 Iýun 2023
442

Bugdaý — halkymyzyň rysgal-berekedi, mukaddes baýlygymyz. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna ak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda uly tagallalaryň edilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyz boýunça 690 müň gektarda ýetişdirilen däneden hasylyň 1 million 400 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatymyzda 195 müň gektardan 400 müň tonnasyny almak maksat edinilýär. Guşgursak ak bugdaýyň oragyny guramaçylykly alyp barýan gallaçy daýhanlarymyz häzirki möwsüme jogapkärli çemeleşýärler.

Galla oragynda welaýatymyz boýunça ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 567-si, şol sanda “John Deere” kysymly däne orujy tehnikalaryň 216-sy, “CLAAS” kysymly kuwwatly kombaýnlaryň 351-si bökdençsiz işledilýär. Häzirki gyzgalaňly günlerde ýygnalan hasyly daşamakda awtoulaglaryň 2835-si daýhanlarymyzyň hyzmatynda bolar. Möwsümde welaýatymyz boýunça uly göwrümli kabul ediş nokatlaryň 42-si we elektron terezileriniň 44-si hereket edýär.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.