Täzelik

13 Iýun 2023
423

Halaç etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan galla oragy möwsüminde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň günortanlyk arakesmesinde armasyny ýetirmek maksady bilen «Galla — biziň baýlygymyz» atly aýdym-sazly dabara guraldy.

Dabara öňdebaryjy kärendeçiler, ýaşulular, etrabyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda oba hojalyk ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara etrabyň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlarda, joşgunly tanslarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň waspy belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren degişme sahnalary, folklor çykyşlary bu ýere ýygnananlara uly ruhubelentlik paýlady. Dabaranyň soňunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan öňdebaryjy kärendeçilere, ökde mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.