Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

13 Iýun 2023
318

Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda hem-de ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak möhüm jogapkärli wezipedir. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaýyň hasylyny ýygnamagy örän tiz hem gysga möhletde geçirmeli. Maglumatlara görä, bugdaýyň doly bişiş döwründen 15 gün geçensoň orulsa, dänesi dökülmezek, sypaly berk bolup, däne ýitgisi azyndan her gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär.

Ýygym döwründe däne ýitgisiniň az bolmagyny gazanmakda kombaýnlaryň bugdaýy orup geçensoň, yzyna dökülip galan däneleriň mukdaryny anyklamak möhümdir. Ol ýitgileri anyklamagyň iň ýönekeý usuly 1 metr uzynlykdaky rezin şlanganyň uçlaryny birleşdirip tegelek halka ýasamaly we ony kombaýnyň orup geçen yzyna taşlap, içine düşýän däneleri sanamaly we depdere ýazmaly.

Halapberdi ÝUSUPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.